TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş, Türkiye, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan döwletleriniň esaslandyryjysy we agzasy bolan Türk maýa goýum gaznasynyň başlygy Bagdad Amreýewi kabul etdi.
Numan Kurtulmuş mejlisde geçen duşuşykda, Türk dünýäsiniň taryhy taýdan möhüm bir öwrülişik nokadyndadygyny, Türk Maýa goýum gaznasynyň şol manyda uly ähmiýete eýedigini beýan etdi.
Bilimde, medeniýetde, söwdada, senagatda, goranyş senagatynda we başgada ençeme ugurda Türki dünýäsiniň döwletleriniň arasyndaky gatnaşyk mümkinçilikleriniň örän ýokarydygyny aýdan Numan Kurtulmuş Türkiyäniň we Türk dünýäsiniň döwletleriniň ykdysady ugurda bir güýç bolmagy taýdan Türk Maýa goýum gaznasynyň uly ähmiýete eýedigini habar berdi.
Gaznanyň Türk dünýäsindäki täze maýa goýum taslamalarynyň anyklanmagy we maliýeleşdirilmegi taýdan möhüm bir güýçdügini we pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny aýdan Numan Kurtulmuş: "Nesip bolsa Türkiye bu ugurda türk dünýäsiniň gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda öňdebaryjy rol oýnamaga dowam eder. Dostlarymyz bilen, doganlarymyz bilen, türki dilli ýurtlar bilen umumy bir maksatnamada jemlenip dowam ederis" diýip mälim etdi.