Nurana bina gözellikden başlanýan ýol

Nurana bina  gözellikden başlanýan ýol

17-nji fewralda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Sergä hususy pudagyň wekilleriniň 200-den gowragy gatnaşyp, öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Şolaryň hatarynda Nurana bina hususy kärhanasynyň diwarlygy myhmanlaryň esasy üns merkezinde boldy. 2002-nji ýylda Aşgabat şäherinde esaslandyrylan Nurana bina hususy kärhanasy öz işine adaty dizaýn studiýasy hökmünde başlamak bilen, az wagtyň dowamynda köpugurly hyzmatlary dürli dabaraly çäreleri, forumlary gurnaýan, şeýle-de mahabat işlerini ýerine ýetirýän, jaýyň içgi bezegi, mebel ýasamak we demirden dürli şekilleri gurnamak işlerini alyp barýan uly kärhanalaryň birine öwrüldi.

Galyberse-de, kärhana gurluşyk, söwda, restoran hyzmaty, maglumat tehnologiýalary we web ulgamy boýunça ýaly hyzmatlary hem ýerine ýetirýär.

Şeýle hem Nurana bina hususy kärhanasynyň binýadynda Palma hojalyk jemgyýetiniň döredilendigini we mebel önümçiliginiň ýola goýlandygyny aýratyn bellemek gerek.Dürli görnüşli mebel önümleri gysga döwrüň içinde müşderileriň söýgüsine mynasyp boldy. Önümçilikde Ýewropa döwletlerinden getirilýän ýokary hilli agaç önümleri peýdalanylýar.

Bu bolsa mebelleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini aňladýar.Kärhananyň binýadynda Zor haryt nyşany bilen plastik torbalaryň önümçiligi hem alnyp barylýar. Önümçilik çig maly hökmünde ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ulanylýar. Şonuň üçin hem plastik torbalar ýokary hili we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýarlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Nurana bina hususy kärhanasy geçen ýigrimi ýyla golaý wagtyň çäginde toplan tejribesine daýanyp, hususy pudagyň öňdebaryjy we durnukly ösýän wekilleriniň hatarynda mynasyp orun aldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda hususy kärhananyň şahamçalary hereket edip, halkymyza ýokary hilli we döwrebap hyzmat edýärler. Şeýle hem kärhananyň resmi web saýty döredilip, onda ähli hyzmatlar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda golf boýunça synag ýaryşy geçirildi
Happy Childhood
Ýaponiýa barada täsin maglumatlar
Sanly ykdysadyýet ösüşleriň açary
Maryda 2020-nji ýylda çagalara iň köp dakylan adaty bolmadyk atlar