Nusgawy jaz sazlary we ýaş zehinler: improwizasiýaly çykyşlar

Ýekşenbe güni agşam Aşgabat medeni-dynç alyş seýilgähiniň açyk sahna meýdançasynda jaz sazlarynyň konserti boldy.Onda Wladimir Mrktumow (klawişli saz gurallary), Ýusup Öwezow (klarnet), Igor Şewsow (bas-gitara), Ýusuf Ismailow (gitara), Timur Öräýew (urlup çalynýan saz gurallary) ýaly tanymal sazandalar çykyş etdiler.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň girişi bolan romantizme we ekletika ýugrulan konsert tomaşaçylary begendirdi.Agşamy açan Lui Primiň Sing, Sing, Sing kompozisiýasyny Ýusuf Ismailow şol gün doglan güni bolan gelni Alina bagyşlady.

Onuň hatyrasyna däbe öwrülen Happy Birthday to You!aýdymly gutlag ýaňlananda ony tomaşaçylar gol çarpyp goldadylar.Jazbend Kenni Jiniň Rhythm & Romance, Astor Pýassollanyň Tango, Gara Orfeý filminden Luis Bonfyň Karnawal säheri we beýleki meşhur sazlary çaldylar.

Soňra diňleýjiler türkmen estradasynyň ýaş ýyldyzy Asýa Konstanýanyň zehini bilen tanyşdylar.Ol çykyşyny amerikaly jaz aýdymçysy Net King Koulyň L-O-V-E aýdymyndan başlady.Asýanyň tembrlere baý owazy bu ýere gelenleri özüne bendi etdi.

Belki, öz sesiniň güýjüni görkezmek isläni üçindir, Asýa Igor Nikolaýewiň Marina Swetaýewanyň goşgusyna Kalbymdaky atly tolgundyryjy aýdymyny ýerine ýetirdi.Wokal lirikasyndan soň ýene-de emosiýalara baý jaz improwizasiýalary çalyndy.

Aýratynam Waleriý Didýulýanyň Flamenko kompozisiýasy diňleýjilere güýçli täsir etdi.Onuň joşgunly ritmli saz leksikasy tomaşaçylary kontrast häsiýetli gadymy ispan tansynyň dartgynly älemine atardy.Agşam Riçard Mikallefiň täsiri güýçli Going home (Öýe dolanmak) kompozisiýasynyň jaz sazy bilen tamamlandy.

JAZZ stilindäki aýdym-saz agşamynyň gurmaçysy ussat sazanda Mkrtumowa hem-de sazandalaryň ählisine kreatiw ideýany zehinli ýerine ýetirendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, Asýa Konstanýan bilen ýakyndan tanyşmak isledim. -Aslym Aşgabatdan diýip ol ozi barada gürrüňe başlady.

Orta mekdebi tamamlanymdan soň Amerikan Merkezi Aziýa uniwersitetiniň psiholigýa fakultetine (Bişkek, Gyrgyzystan) okuwa girdim.Uniwersitetde ugruň boýunça derslerden başga-da, erkin sungatlar, şol sanda wokal boýunça sapaklar berilýär.

Men A.Maldybaýew adyndaky Opera we balet teatrynyň esasy solisti Olga Žižerinadan wokaldan sapak aldym.Men çagalykdan hemişe aýdym aýdýardym.Uniwersitetde çeper höwesjeňler gurnagyna işjeň gatnaşýardym.

Mugallymym Olga Žižerinanyň tagallasy bilen aýdym aýdyşym has çeper häsiýete eýe boldy, tembr aýratynlyklary, sesimiň mahmal owazlary ýüze çykyp ugrady, men dogry intonasiýalary özleşdirdim. Ýurduma dolanyp gelenim bärem öz halypamyň awtorlyk usuly boýunça, dogrusy, uzak aralykdan skaýp arkaly sesimi güýçlendirmek üçin sapak alýaryn. -Şu günki bilelikdäki çykyşlary kim teklip etdi? -Men professional sahnada özümi synap görmek isleýärdim, konsertleriň birinden soň men Wladimir Mkrtumowdan sesimi diňläp görmegi haýyş etdim...

indi bu günem maňa onuň bilen bir sahnada çykyş etmek miýesser etdi.Ilkinji çykyşymyň şowly bolandygyna we tomaşaçylaryň meni gyzgyn garşylandygyna juda begenýärin.Türkmen sahna ussatlary bilen bilelikdäki çykyşym 6-njy iýunda Watan kinokonsert merkezinde dowam eder, onda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri täze konsert berer, menem aşgabatly saz muşdaklarynyň göwnünden turmaga çalşaryn. -Söhbetdeşligimiz üçin minnetdarlyk bildirýärin, size sahna çykyşlaryňyzyň şowly bolmagyny arzuw edýärin we siziň täsirli täze aýdymlaryňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Halkara jaz güni mynasybetli konsert geçirildi
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"