“Nvidia” korporasiýasy “Nokia” 1 milliard dollar maýa goýar

“Bloomberg” habaryna görä, “Nvidia” korporasiýasy emeli aň ulgamynda bilelikdäki tagallalar üçin “Nokia” kompaniýasynyň paýnamalaryna 1 milliard dollar maýa goýar.

Amerikan kompaniýasy öň öňdebaryjy el telefony öndürijisi hökmünde tanalýan Finlýandiýanyň telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji kompaniýasynyň 2,9% paýyny satyn alar.

Hyzmatdaşlygyň çäginde “Nvidia” korporasiýasy “Nokia” kompaniýasynyň 5G we 6G ulgamlary üçin niýetlenen programma üpjünçiligini synagdan geçirmek üçin çipler bilen üpjün eder. Gelejekde bu tehnologiýalaryň “Nvidia”-nyň maglumat merkezlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler
Nokia täze arzan we ygtybarly smartfonlary hödürledi
Lebapda 20 telekeçä Internet gadagançylygy girizildi, häkimiýetler nägilelik listowkalarynyň çap edilmeginden aladalanýar
Türkmenistanda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylar
Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar
Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar