Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar

Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar

10-njy noýabrda prezident Berdimuhamedow öz permany bilen “Türkmenaragatnaşyk” ulag we aragatnaşyk edarasyna aşakdaky şertnamalara gol goýmaga rugsat etdi:

–Huawei Technologies Co., Ltd. (HHR) -şirketi bilen Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “Altyn Asyr” öýjükli toruny ösdürmek üçin tehniki goldawy bermek maksady bilen enjamlary, programma üpjünçiligi, ygtyýarnamalary satyn almak, daşamak, işe girizmek barada şertnama,

– Nokia Solutions and Networks Oy (Finlandiýa)-şirketi bilen Lebap we Mary welaýatlarynda “Altyn Asyr” öýjükli toruny ösdürmek üçin tehniki goldawy bermek maksady bilen enjamlary, programma üpjünçiligi, ygtyýarnamalary satyn almak, daşamak, işe girizmek barada şertnama.

TDH döwlet täzelikler gullugynyň maglumatyna laýyklykda, bu “2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek” konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişini gowulandyrmak üçin edildi. 10-11-nji noýabrda Aşgabatda telearagatnaşyk we maglumat tehnologiýalaryna bagyşlanan “Türkmentel 2021” XIV halkara onlaýn ýygnak geçirilýär.

Onuň dowamynda “Türkmen Älem 52 E” türkmen aragatnaşyk hemrasyny, şeýlede sanly özgerşikler döwründe 5G tehnologiýalaryny we sanly maglumat howpsuzlygyny giňeltmek barada hem maslahat edilýär.The post Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar
Türkmenistanda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylar
"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Iň ýokary tizlikli internet tory guruldy
Arkadag şäheri akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi