Dünýä kompaniýalary “Türkmentel2025” sergisinde ulag, aragatnaşyk, sanly tehnologiýalaryny tanyşdyrdylar

Dünýä kompaniýalary “Türkmentel2025” sergisinde ulag, aragatnaşyk, sanly tehnologiýalaryny tanyşdyrdylar

Aşgabat şäherinde geçýän “Türkmentel2025” halkara sergisinde ulag, aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleri görkezildi.

Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmäge işjeň gatnaşýan “Huawei” we “Nokia”kompaniýalary bar. Monakonyň SSI we Fransiýanyň “Thales” kompaniýalarynyň diwarlyklarynda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrasy “TürkmenÄlem 52°E” bilen baglanyşykly taslamalar tanyşdyryldy.

Germaniýanyň “Europeer Exchange GmbH” kompaniýasy tor aragatnaşyklary boýunça çözgütleri, ABŞ-nyň “Fortinet”, “Palo Alto Networks” we “Keysight” kompaniýalary bolsa kiberhowpsuzlyk we maglumat gorag tehnologiýalaryny sergilediler. Britaniýanyň “Wide Network Solutions” we Germaniýanyň “Kontron” kompaniýalary telekommunikasiýa çözgütlerini, BAE-niň “Integra City”, Hytaýyň “Zhejiang Dahua Technology” we “Hikvision” kompaniýalary “akylly şäher” we wideo gözegçilik ulgamyna degişli innowasiýalary bilen tanyşdyrdylar.

Ulag ulgamynda Hytaýyň “Zhengzhou Yutong Group”, “CRRC Ziyang”, “CAMC Engineering”, Germaniýanyň “Vossloh AG” kompaniýalary bilen bir hatarda, ABŞ-nyň “Logenix International” we “GAP CLK Worldwide” kompaniýalary logistika hyzmatlaryny hödürlediler. Türkiýäniň “Turkish Airlines” we Russiýanyň “S7” awiakompaniýalarynyň diwarlyklarynda bolsa häzirki zaman howa gatnawy çözgütleri we hyzmatlary tanyşdyryldy.

“Türkmentel2025”sergisi Türkmenistanyň tejribe alyşmak we sanly hem-de ulag tehnologiýalaryny ösdürmek üçin möhüm platforma bolup durýandygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
Hindistandaky önümçiligini artdyrar
"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar
Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar
Türkmenistanda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylar