Hindistandaky önümçiligini artdyrar

Esasan smartfon önümçiligi bilen meşgullanýan hem bolsa “Samsung” kompaniýasy has köp ugurda iş alyp barýar.Koreý brendi Hindistanda 4G we 5G enjamlaryna degişli aragatnaşyk antennalaryny we degişli tehnologiýany öndürmek isleýär.

Kompaniýa Kançipuram şäherinde guruljak önümçilik desgasy üçin takmynan 49 million dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. “Samsung” Hindistanda tor bölekleriniň önümçiligine ilkinji gezek maýa goýýar. Şeýlelikde, “Samsung Networks” bu işi uzak wagtlap amala aşyran telekommunikasiýa enjamlaryny öndürijileriň hataryna goşular. “Samsung Networks” eýýäm iki sany iri ýerli mobil operatoryndan “Bharti Airtel”-den hem-de “Reliance Jio”-dan sargyt aldy.

Aragatnaşyk torlaryny öndürmekde dünýäde “Ericsson” we “Nokia” öňdeligi eýeleýär.

Soňky wagtlarda “Samsung”-yň önümlerine bolan isleg Hindistanda barha artýar. Ýurduň paýtagty Nýu-Deliniň günortasyndaky dünýäniň iň uly smartfon zawodlarynyň biri hereket edip, oňa “Samsung” eýeçilik edýär.

Mamajan Baýramowa, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar
Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar
Türkmenistanda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylar
6G internet ulgamynyň ösüşi