"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

"Türkmenistan" gazetinde habar berilmegine görä “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine: Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei Technologies Co., Ltd” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga; Lebap we Mary welaýatlarynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Finlýandiýa Respublikasynyň “Nokia Solutions and Networks Oy” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar
Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar
Türkmenistanda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylar
Hindistandaky önümçiligini artdyrar
Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
Arkadag şäheri akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi