Nýu-Delide yssy howa sebäpli ulag ýuwmagy gadagan etdiler

Nýu-Delide yssy howa sebäpli ulag ýuwmagy gadagan etdiler

Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide çakdanaşa yssy howa bilen baglylykda, ulaglary ýuwmagy we suwy işewürlik maksady bilen sarp etmegi gadagan etdiler. Bu barada şäheriň ministri Atiş Marlena salgylanýan Buissines Standart neşiri habar berdi.

Ministr şäherde suwy bikanun sarp edýän ýaşaýjylara jerime salmak üçin 200-den gowrak toparyň döredilendigini habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Delide howanyň temperaturasy 50 gradusa golaýlady.

Howa maglumaty gullugynyň habaryna görä, paýtagtda yssy howanyň esasy sebäbi Rajastan ştatyndan öwüsýän gyzgyn şemallardyr diýip, Iz.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli seminar geçirildi
Delide Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyrylar
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Hindistan Türkmenistan gatnaşyklary şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar
Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Hindistan Türkmenistan gatnaşyklary şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy