Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

2026-njy ýylyň 2526-njy martynda Nýu-Deli şäherinde HindistanMerkezi Aziýa Gaznasynyň guramagynda “India Central Asia: Connectivity, Security, and Sustainable Partnerships in a Multipolar World” atly halkara maslahaty geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Bu halkara maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.Maslahatyň dowamynda, Hindistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça tematiki sessiýalar geçirildi.

Rektor G.Ýusupowa maslahatyň “Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly sessiýasynda çykyş edip, bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty barada gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli seminar geçirildi
Makron Hindistana Respublikanyň gününe baş myhman hökmünde çagyryldy
Nýu-Delidäki Ýamuna derýasyny zäherli köpürjik örtdi
Hindistan Ýaponiýadan ozup dünýäde dördünji uly ykdysadyýet boldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
Ýurdumyzyň Bitaraplygy dünýä metbugatynda