Hindistan Ýaponiýadan ozup dünýäde dördünji uly ykdysadyýet boldy

Hindistan Ýaponiýadan ozup dünýäde dördünji uly ykdysadyýet boldy

Hindistanyň Hökümetiniň ýylyň ahyrynda çap eden ykdysady maglumatyna laýyklykda, ýurt Ýaponiýadan ozduryp, jemi içerki önümiň pul aňlatmasynda dünýäde dördünji iri ykdysadyýet boldy. Bu barada “The Times of India” neşiri habar berdi.

“Hindistan 4,18 trillion dollar möçberdäki JIÖ bilen Ýaponiýadan öňe saýlandy we ululygy babatda dördünji ykdysadyýet boldy” diýlip, habarda bellenýär. Resminamada şeýle hem golaý 2,5-3 ýylda Nýu-Deliniň Germaniýany hem bu reýtingdäki üçünji ornundan gysyp çykaryp biljekdigi nygtalýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, eýýäm birnäçe ýyldan bäri, Hindistan dünýäde ykdysadyýetш çalt ösýän ýurt bolmak bilen, bu okgunly ösüş depginini saklamaga ähli mümkinçiligi bar.

Ýene degişli makalalar

AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi
Angola dünýäniň kofe bazaryna dolanýar
Nebitiň bahasy sişenbede 6 göterime golaý ýitgi çekdi
Kuba ykdysadyýetde kriptowalýutalary ulanyp başlar
Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2021-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça 2,1% artdy
Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy