Kuba ykdysadyýetde kriptowalýutalary ulanyp başlar

Kuba ykdysadyýetde kriptowalýutalary ulanyp başlar

Kubanyň Merkezi banky 16-njy maýdan ýuridik şahslara kriptowalýutalary ulanmak üçin ygtyýarnama berip başlar. Bu barada düzgünleşdirijiniň degişli kararyna salgylanyp, Reuters habar berýär.

Resminamada ygtyýarnamanyň fiziki we ýuridik şahslara bir ýyl möhlet bilen beriljekdigi aýdylýar. Olaryň möhletini uzaldyp bolýar, ýöne diňe bir gezek.

Kubanyň Merkezi bankynda düzgünleşdirijiniň ygtyýarnamany bermezden ozal islendik haýyşyň kanunylygyny, sosial-ykdysady bähbitlerini we taslama aýratynlyklaryny gözden geçirjekdigi aýdylýar.

Kubanyň Merkezi bankynyň öňki ykdysatçysy Pawel Widalyň aýtmagyna görä, düzgünleşdiriji peýda almak maksady bilen ýurtda kriptowalýuta üçin oňyn ýer döretmek kararyna geldi. Bu soňky ýyllarda Kubanyň ykdysadyýetiniň barha gowşaýandygy bilen baglanyşyklydyr: ýurduň JIÖ-i iki ýylda 13% pese gaçdy.

Ýene degişli makalalar

Kuba kriptopul ulanyp başlar
Çilili meşhur ýarymgoragçy klubuny täzeledi
Ikinji duşuşyklar tamamlandy
“Realyň” 150-nji, Ronaldonyň 96-njy ýeňşi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar