Nýu-Delidäki Ýamuna derýasyny zäherli köpürjik örtdi

Nýu-Delidäki Ýamuna derýasyny zäherli köpürjik örtdi

Hindistanyň paýtagty Nýu-Delini kesip geçýän keramatly Ýamuna derýasynyň suwunyň ýüzi adamlaryň saglygy üçin howply bolan galyň zäherli köpürjik bilen örtüldi diýip, hünärmenlere salgylanýan Press Trust of India (PTI) gullugy habar berdi.

Hindistanyň paýtagtyny dolandyryjy Ýönekeý adamyň partiýasy şäheriň häkimliginiň ýagdaýa gözegçilik edýändigini mälim etdi.

Daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenleriň sözlerine görä, köpürjigiň düzüminde ammiagyň we fosfatyň ýokary derejesi saklanyp, adamyň saglygy, aýratyn hem dem alyş ulgamy hem-de derisi üçin örän howpludyr.

Ýamuna derýasy Gang derýasynyň iri şahalarynyň biridir. Onda şeýle zäherli köpürjik hali-şindi hasaba alynýar diýip, Report ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Hindistandaky Maha Kumbh Mela festiwalynda 10 adam ýogaldy
2026-njy ýylda syýahat etmek üçin iň gowy 52 ugur
Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
Gwineýanyň Ýokary kazyýeti Dumbuýanyň Prezident saýlawlaryndaky ýeňşini tassyklady
Dünýäniň ilaty 8,2 milliarddan geçdi
Taýlandyň polisiýasy: Otlynyň üstüne kranyň gaçmagy netijesinde azyndan 22 adam ýogaldy