Hindistandaky Maha Kumbh Mela festiwalynda 10 adam ýogaldy

Hindistandaky Maha Kumbh Mela festiwalynda 10 adam ýogaldy

India Today gazediniň habar bermegine görä Uttar Pradeş welaýatynyň Allahabad şäherinde 12 ýylda bir gezek geçirilýän we 45 gün dowam edýän festiwalda dyknyşyk başdan geçirildi.

Dyknyşykda ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Uttar Pradeş welaýatynyň Premýer ministri Ýogi Aditýanath, Triweni Sangam derýasyna girip, günälerinden saplanmak isleýän käbir adamlaryň, barýerleriň üstüne bökmegi sebäpli dyknyşygyň başdan geçirilendigini habar berdi.

13-nji ýanwarda millionlarça adamyň gatnaşmagynda başlan festiwalyň çäginde, şähere gelen adamlaryň galmaklary üçin 160 müňden gowrak çadyr we takmynan 400 km uzynlygynda ýol guruldy.

Şu ýyl "mukdaddes ýyl" hökmünde kabul edilýän Gang, Ýamuna we Saraswati derýalarynyň birleşýän nokadyndaky Triweni Sangam derýasyna 45 günüň dowamynda 400 milliondan gowrak hindiniň "hajy" bolmak üçin girmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Nýu-Delidäki Ýamuna derýasyny zäherli köpürjik örtdi
Biharda köpri ikinji gezek ýykyldy
Müňlerçe kilometr aralygy ýüzüp geçen plastmassa
Täze ýyl jaz sazlary: Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr saz muşdaklaryna meşhur aýdym-sazlary we täze sazlaryň üçüsini peşgeş etdi
Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär
05.11.2019 | Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär