Nýu-Ýork: iň köp millionerli şäher

Nýu-Ýork (ABŞ), bir ýyl ozal bolşy ýaly, millionerleriň sany boýunça dünýä şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Report agentliginiň habar bermegine görä, muňa Henley& Partners we New World Wealth neşirlerinde çap edilen 2023-nji ýylyň iň baý şäherleriniň sanawy subut edýär.

Hytaý we amerikan şäherleri bu sanawyň başyny çekdiler. Öňdäki onluga giren ýeke-täk Ýewropa şäheri London boldy.

Häzirki wagtda 340 müň millioneriň Nýu-Ýorkda ýaşaýandygy bellendi. 10 ýyl mundan ozal sanawda birinji orunda gelen Tokio (Ýaponiýa) 290,3 müň bilen ikinji, San-Fransisko (ABŞ) 285 müň adam bilen üçünji ýerde durýar. Dördünji orny 258 müň baý ýaşaýjysy bilen London (Beýik Britaniýa), bäşinji orny bolsa, 240,1 müň millioner bilen Singapur eýeledi.

Iň gowy bäş lider geçen ýyl bilen deňeşdirilende üýtgemedik bolsa, ikinji bäşlikde belli bir üýtgeşmeler boldy. Şeýlelikde, Los-Anjeles (ABŞ) altynjy orny (205,4 müň millioner) saklady, emma Çikago we Hýuston (ABŞ) ilkinji onlukdan çykdy. Ýöne Gonkong ýedinji orny (129,5 müň millioner) alyp, ilkinji onluga gaýdyp geldi.

Geçen ýylky ýaly sekizinji we dokuzynjy ýerlerde Hytaýyň Pekin (128,2 müň millioner) we Şanhaý (127,2 müň millioner) şäherleri orun alýar.Ilkinji onluga 126,9 müň millioneri bilen Sidneý (Awstraliýa) goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Analitikler iň köp millioneri bolan şäherleri atlandyrdylar
Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi hökmünde liderligini saklady
Dünýäniň iň meşhur 100 şäheriniň sanawy düzüldi
iPhone 14 Pro-nyň täze funksiýasyny barlamak üçin bloger ýöriteläp öz ulagyny döwdi
'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy
Nýu-Ýork ABŞ-nyň ýaşaýyş üçin iň gymmat şäherleriniň reýtinginde bäşinji orny eýeledi