Dünýäde soňky 20 ýylda sentimillionerleriň sany iki esse köpeldi

Dünýäde soňky 20 ýylda sentimillionerleriň sany iki esse köpeldi

Emlägi 100 million dollar ýa-da ondan köp bolan adamlaryň, ýagny sentimillionerleriň sany dünýäde 2003-nji ýyldan bäri iki esse artyp, 28,420 müňe ýetdi diýip, Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň barlaglarynyň netijesinde aýdylýar. Bu barada Kapital.kz habar berdi.

Sentimillionleriň sany geçen ýyldakydan 12 göterim köpeldi. Olaryň esasy bölegi ABŞ-da ýaşaýar (38 göterim ýa-da 10660 müň adam). Ondan soň uly tapawut bilen Hytaý ýerleşdi, bu ýurtda sentimillionerleriň 8 göterimi ýa-da 2,358 müňüsi ýaşaýar. Ilkinji üçlügi 4 göterim ýa-da 1,050 müň görkeziji bilen Germaniýa jemleýär.

Sentimillionerleriň iň köp ýaşaýan şäherleri Nýu-Ýork, San-Fransisko, Los-Anjeles, London we Pekindir.

Dünýäde soňky 20 ýylda baý adamlaryň sanynyň köpelmegini bilermenler uzak wagt dowam eden pes göterim stawkalary bilen baglanyşdyrýarlar, bu bolsa öz gezeginde maddy we maddy däl aktiwleriň nyrhynyň gymmatlamagyna getirdi. Ýene bir sebäp hökmünde ABŞ-daky we Aziýadaky ykdysady ösüş görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Nýu-Ýork: iň köp millionerli şäher
Nýu-Ýork ABŞ-nyň ýaşaýyş üçin iň gymmat şäherleriniň reýtinginde bäşinji orny eýeledi
Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi hökmünde liderligini saklady
Dünýäniň iň meşhur 100 şäheriniň sanawy düzüldi
iPhone 14 Pro-nyň täze funksiýasyny barlamak üçin bloger ýöriteläp öz ulagyny döwdi