“Covid-19” pandemiýasynyň başlan ilkinji günlerinde serhetlerini ýapan Täze Zelandiýa iki ýyl gowrak wagtdan soňra 60 ýurduň raýatlary üçin serhedini açdy. Çäklendirmeler ýatyrylandan soňra ilkinji uçarlar Los-Anjelesden we San-Fransiskodan geldi. Oklend halkara aeroportyna çäklendirmäniň ýatyrylan ilkinji gününde 43 gatnaw bilen 9 müň töweregi ýolagçy bardy.
Ýurda kabul ediljek ýolagçylaryň “Covid-19” garşy sanjymyny alan bolmagy we PSR testiň otrisatel netijesi talap edilýär. Ýurt şu ýylyň fewral we mart aýlarynda diňe daşar ýurtlardan ýaşaýan öz raýatlary hem-de awstraliýalar üçin serhetlerini açypdy.
