Oba hojalygynda gyzgalaňly döwür

Ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işleriň çäklerinde oba hojalyk pudagynyň işini kämilleşdirmek ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda amala aşyrylýan işler hem aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk ulgamynda birnäçe işler alnyp barylýar. Şu günler ekin meýdanlarynda gök maýsalaryň ygşyldaşyp oturanyny synlanyňda, daýhanlaryň yhlasly zähmetini görmek bolýar.

Türkmen topragy bereket çeşmesi hasaplanylýar. Muny alymlar Gün şöhlesiniň köp düşýändigi, topragymyzyň ýumşaklygy bilen düşündirýärler.

Amatly tebigy şertleriň bolmagy hem janypkeş daýhanlarymyzyň arman-ýadaman çekýän asylly zähmeti netijesinde ýerden ýokary hasyl alnyp, watandaşlarymyzy özümizde bitýän galla, gök-bakja önümleridir beýleki zerur nygmatlar bilen üpjün etmek işi maksadalaýyk guralýar.

Ata Watanymyzda gowaçany ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Şu günler gowaça ekişi, bugdaýa suw tutmak işi gyzgalaňly dowam etdirilýär.Gowaça ýurdumyzyň dokma senagatyny çig mal bilen üpjün edýär.

Her ýylda welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän kesellere, zyýankeşlere durnukly, ýokary hasylly, süýüm çykymy ýokary bolan gowaça görnüşleri ekilip, ak altyna deňelýän ak pagtanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda gowaça ekmek üçin 580 müň gektar meýdan taýýarlanyp, 1 million 250 müň tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda 30 müň gektara ýeralma, 10 müň gektara sogan, 1 müň 500 gektara kelem we 3 müň gektara käşir ekildi. Ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsüminde jemi 1 million 658 müň 915 düýp bag nahaly oturdyldy.

Mundan başga-da, şu ýyl jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde we beýleki iş maslahatlarynda degişli ýolbaşçylara gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyryp, importyny azaltmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem içerki bazaryň özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün edilmelidigini belledi.

Oba hojalygy ýurdumyzyň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işler halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, iş orunlaryny artdyrmaga, iň esasy hem, ekologiýa taýdan arassa önümlerden paýly bolup, uzak hem sagdyn ýaşaýşy hemra edinmäge ýakyndan ýardam edýär.

Ylaýta-da, oba hojalygynda gyzgalaňly möwsümiň, galla oragy hem pagta ýygymynyň ýetip gelýändigi nazara alnyp, bu möwsümlere gowy taýýarlyk görmegi ýola goýmak bu pudagyň zähmetkeşleriniň öňünde uly wezipe bolup durýar.

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly önümçiligi ýola goýmak beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem güýçli depginde alnyp barylýar.Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa, bu pudagy özgertmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde pudagyň tehniki binýadyny meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň Case, New Holland, John Deere, Claas we beýleki kompaniýalaryň iň täze, ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly tehnikalary hem-de enjamlary tutýar.

Döwletimiz innowasion esasda inžener-tehniki üpjünçilik meselelerini çözüp, iň kämil tehnikalary satyn almak bilen, önümleriň öndürilýän möçberini durnukly, şol sanda agrotehniki çäreleri amatly möhletlerde we ýokary hilli geçirmegiň hasabyna artdyrmak üçin ähli şertleri döredýär.

Güljahan SARYHANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Merdana pederlerimiziň edermenligi nesilleriň kalbynda
Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar
Annaguly Myratdurdyýew diňleýjilerine täze albomyny sowgat etdi
Türkmen ýaşlarynyň wekilleri iňlis dili boýunça bäsleşdiler
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda