Merdana pederlerimiziň edermenligi nesilleriň kalbynda

Ýeňiş güni ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan senedir. Şu ýyl 1941-1945-nji ýyllarda mertligi, gaýduwsyzlygy, edermenligi, Watan üçin şirin janyny orta goýan ata-babalarymyzyň, gerçeklerimiziň görkezen gahrymançylygy bilen gazanylan Beýik Ýeňşe 77 ýyl dolýar.

Watan düşünjesi giňdir we çuňdur. Pederlerimize deňelýän mährem sözde Watanyňa bolan ezizlik duýulýar. Watanyňa bolan ezizlik, onuň waspy diňe bir mährem sözde däl, ol medeni we edebi mirasymyzda hem giň orun tutýar.

Ykdysadyýetiň dürli ugurlardaky ösüşini üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn uly üns berýär.

Obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň netijeli görnüşleri göz öňünde tutulýar, oba hojalygynda önümleri gaýtadan işleýän kuwwatly desgalaryň ençemesi peýda boldy, azyk önümleriniň öndürilişi has-da artýar. Bu bolsa diwersifikasiýa ugrunyň ornaşdyrylyşynyň anyk netijeleridir. Munuň özi içerki önümiň öndürilişiniň zerur bolan görkezijisiniň kadaly saklanylmagyny hem şertlendirýär.

Innowasion häsiýetli önümçiligiň guralmagy bilen diňe bir önümleriň hili ýokarlanman, eýsem, el zähmeti has ýeňilleşdi, iş öndürijiligi artdy.Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar.

Hormatly Prezidentimiziň pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasaty esasynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümlerini döretmek, sebitleriň öndüriji güýçlerini gyradeň ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşuldy.Döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanalaryň ençemesi welaýatlaryň ählisinde hem gurlup ulanmaga berildi, birnäçesiniň bolsa gurluşygy dowam etdirilýär.

Döwletimiziň agrar syýasatynyň esasy ugurlary ilatyň azyk önümlerine, senagatyň bolsa çig mala bolan zerurlyklarynyň üpjün ediliş derejesini ýokarlandyrmak, ýerli önümler bilen importyň ornuny tutmak, şeýle hem onuň eksportyny artdyrmak bolup durýar.

Ykdysadyýetiň iň möhüm pudagy bolan oba hojalygynda suwarymly ýerleriň bir bölegi hususyýetçilere uzak möhletleýin kärendesine berlip, olarda zerur bolan azyk we gök-miwe önümleriniň dürli görnüşleri ýetişdirilýär.Oba hojalyk önümçiliginde dünýä tejribesiniň öwrenilmegini hem öz içine alýan çäreler ykdysadyýetiň agrar pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Önüm öndürmek we ony gaýtadan işlemek, bazaryň talaplaryny öwrenmek babatynda köp işler edilýär.

Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösüşine uly üns berilýär.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň hem-de ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, ösen innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň hasabyna ýurdumyz dünýäniň ykdysady ulgamyna barha işjeň aralaşýar.

Sanly ykdysadyýetiň kämilleşmegi bilen, bäsleşige ukyplylyk hem artýar.Ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet özüniň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga çalyşýar.Häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri hem milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini üpjün etmekdir. Ösen tehnologiýalaryň we aragatnaşyk ulgamynyň kömegi bilen ykdysady pudaga degişli maglumatlary ýygnamak, seljermek, ýaýratmak möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ykdysady ösüşiň we önümçilik depgininiň artdyrylmagyna, dolandyryş düzüminiň işiniň kämilleşmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Güljahan SARYHANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Mehmet Şimşek Katarda saparda bolýar
Milli tennisçi Zeýnep Sönmez Çempion Boldy
Braziliýa Final Bäsleşigine Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
Baýramçylyk çapyşygynyň Baş baýragynyň ýeňijisi haýsy at bolar?
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY