Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Odre Azule BMG-niň Baş Assambleýasynyň 41-nji sessiýasynda sesleriň köplügini gazanyp, guramanyň medeniýet wekilhanasynyň, ýagny ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine dört ýyl möhlet bilen gaýtadan saýlandy.

2017-nji ýylda bu wezipä bellenen Azuleniň kandidaturasy bu gezekki ses berlişikde ýeke-täk boldy, onuň üçin agzalaryň 169-synyň 155-si ses berdi. Indi onuň täze möhletdäki işi 2022-nji ýylyň ýanwaryndan başlanar.

Azule Pariž-Dofin uniwersitetini we Pariždäki Syýasy seljermeler institutyny tamamlady, Edara ediş milli mekdebinde we Beýik Britaniýanyň Lankaster uniwersitetinde okap bilimini artdyrdy. Soňra medeniýet ugrundan ýolbaşçy wezipelerde işledi.

2014-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollandyň medeniýet we aragatnaşyk serişdeleri boýunça geňeşçisi boldy, medeniýet ministri bolup işledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasyna gatnaşýar
Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşdy
12.12.2020 | Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy
TÜRKMENISTANDA BITARAPLYGYŇ PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDÄKI ORNUNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI