Ömer Çelik Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna reaksiýa bildirdi

Ömer Çelik Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, ýigrenç syýasatyň we faşizmiň bütin adamzada howp salýandygyny, Gurhana el uzadanlaryň beýleki dinleriň mukaddesliklerine hem duşmandygyny beýan etdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Türkiyäniň Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherindäki ilçihanasynyň öňünde Gurhanyň ýakylmagy bilen baglanşykly sosial media hasabyndan reaksiýa bildirdi.

Ýigrenje ýigrenç bilen garşylyk görkezilmejekdigini, ýigrenje garşy adam mertebesine has hem berk eýe çykyp jogap bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Ömer Çelik: "Adamzat etmişlerine iň gowy jogap, adam mertebesi esasynda has hem raýdaş bolmalydyrs. Ýigrenç syýasaty we faşizm bütin adamzada howp salýar.

Gurhana el uzadýanlar beýleki dinleriň mukaddesliklerine hem duşmandyr.Faşizm we ýigrenç syýasatyna garşy adamzat esasynda has hem raýdaş bolmalydyrys.Umumy göreşimiziň esasyny güýçlendirmelidiris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna garşy çykan pakistanly göz tussaglygyna alyndy
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türk: Gurhana Edilýän Äsgermeçilikleri Kabul Edilmesiz
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy