Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde innowasion tehnologiýalaryň orny atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärä Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary, aspirantlary, hünärmenleri, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda ýaşyl tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de anyk ylmy-barlag işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyryldy.Esasy üns senagat galyndylaryny gaýtadan işlemek we olary topraklaryň şorlaşmagyna garşy göreşde ulanmak, kebşirleme işlerinde emele gelýän gazlary arassalamagyň usullary, şeýle hem ýylylyk zyňyndylaryndan sintez-gaz öndürmegiň ylmy esaslary ýaly meselelere gönükdirildi.
Mundan başga-da, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli hasaplamak hem-de ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.Türkmenistanda ekologiýa bilen baglanyşykly meselelere uly üns berilýär.Maslahatda hödürlenen taslamalar döwletimiziň uzak möhletleýin ekologiýa syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär hem-de ylmyň gazananlaryny önümçilige iş ýüzünde ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
