Ösüş garaşylandan ýokary bolar

Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasy Ýewro sebitinde ösüşiň ozalky çak edilişinden ýokary boljakdygyny mälim etdi.Koronawirus bilen göreşde gazanylýan üstünlikler bu ösüşe oňyn täsir eder. Şu ýylky ösüşiň 4,8 göterim boljakdygy, mundan ozal bu görkezijiniň 4,3 göterim bolmagyna garaşylýandygy, geljek ýylky ösüşiň has ýokary boljakdygy bellenildi.

Komissiýanyň başlygynyň orunbasary Waldis Dombrowskis ykdysadyýetiň güýçli depginler bilen dikelýändigini belledi. Şeýle hem sebitde hümmetsizlenmäniň görkezijisi 1,7 göterimden 1,9 göterime ýetirildi.

Bölek söwda artdy

Ykdysadyýetiň dikelmegi bölek söwdanyň hem artmagyna getirýär. Maý aýynda Ýewro sebitinde we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda bölek söwdanyň aprel aýyndakydan 4,6 göterim artandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat brendleri
Kerç köprüsine hüjüm guralmagy Ukraina-Russiýa söweşinde täze döwrüň başlamagyna sebäp boldy.
Söweş Sebäpli Ukrainanyň Ilatynyň 1/3 Bölegi Ýurduny Terk Etdi
“Bölekleýin Mobilizlenmäniň Çäginde 200 Müňden Gowrak Adam Harby Goşunyň Hataryna Alyndy”
Bir gezekki zarýady bilen 160 km geçýän welosiped
Garaşsyzlyk ähli üstünlikleriň gözbaşy
“Walmart” wirtual programma enjamlaryny hödürleýär