Ösüşi kesgitleýän resminama

Aziýa-Ýuwaş Umman Ykdysady Hyzmatdaşlygy (APEC) forumynyň ýolbaşçylary sebitiň geljek 20 ýyldaky ösüşini kesgitleýän resminamany kabul etdiler. Taryhda ilkinji gezek ykdysadyýet liderleriniň sammiti wideo konferensiýa görnüşinde geçirildi. Sammit tamamlanandan soň Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassin resminamanyň kabul edilendigini mälim etdi.

Resminamada sebite 2040-njy ýyla çenli açyk, ýokary depginli, durnukly we asuda jemgyýet hökmünde baha berilýär.Meýilnamamyzy amala aşyrmak üçin esasy ykdysady mümkinçilikler, şol sanda, söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem, durnukly, deňagramly ösüşi üpjün etmek göz öňünde tutulýar diýlip, Putrajaýa görüş 2040 atly meýilnamada bellenilýär.

Taraplar söwda we maýa goýum gurşawyny üpjün etmek maksady bilen erkin, açyk, adalatly, aç-açan işlemegi maksat edinýär. Şeýle hem, resminamada Bütindünýä Söwda Guramasynyň düzgünlerine eýerilýändigi bellenilýär.Meýilnama sanly ykdysadyýeti, gurluş özgertmelerini we innowasiýany ösdürmek bilen baglanyşykly maksatlary goldamak üçin amatly gurşawyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

APEC forumyna gatnaşýan döwletler dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmagy maksat edinýändiklerini mälim etdiler.APEC ýurtlary we sebitleri, durnukly ykdysady dikeldişiň çäklerinde has arassa energiýa geçişi ýeňilleşdirmegi maksat edinýär we howanyň üýtgemegine, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça global tagallalary goldamak barada ylalaşdylar. Şu ýyl Malaýziýanyň başlyklygynda geçirilen APEC-iň ýygnaklarynyň hemmesiniň esasy mowzugy umumy abadançylyga, ileri tutulýan ugurlara we ösüşe barýan ýolda adam mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

1989-njy ýylda esaslandyrylan gurama Awstraliýa, Bruneý, Indoneziýa, Kanada, Malaýziýa, Täze Zelandiýa, Singapur, ABŞ, Taýland, Filippinler, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, HHR, Meksika, Papua Täze Gwineýa, Çili, Russiýa, Wýetnam we Peru ýaly 19 ýurt girýär.

The post Ösüşi kesgitleýän resminama appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

APEK-iň ýolbaşçylar ýygnagy geçirildi
OPEC döredildi
Açyk deňiz hakda taryhy ylalaşyga gol çekildi
Serdar Berdimuhamedow ilkinji gezek dabaraly harby-deňiz ýörişini synlady
Türkmenistan dünýä Harby-deňiz güýçleriniň kuwwatyny görkezýär
Türkmenistan Bakuwdaky halkara demirýol ýük daşamalary boýunça maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti harby gämileriň dabaraly ýörişini synlady