Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde körpeje okyjylaryň arasynda “Öz ýurduňy bilýärmiň?” atly söhbetdeşlik geçirdi.Hünärmen çagalar dynç alyş merkezinde körpeje okyjylaryň arasynda bolup Türkmenistan watanymyzyň owadan, ajaýyp tebigatyny wasp edýän “Mähriban tebigatym” atly kitapdan, şeýle hem birnäçe çagalar ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplaryndan okap berip gyzykly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen gözel tebigatymyzyň beýik-beýik daglaryny, düzlerini, çöllerini, baglaryny, güllerini umuman tebigatyň üsti bilen körpeje okyjylara ýurdumyzy, Ata Watany, Ene topragy söýmekligi biziň şeýle ajaýyp owadan ýurtda ýaşaýandygymyzy düşündirdi.
Söhbetdeşligiň soňunda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
