Özbaşdak töleg hyzmatyny döreder

Ýewropanyň 16 maliýe edarasy geljek ýyldan başlap, täze töleg ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Ýewropa töleg inisiýatiwasynyň (EPI) ýaýradan beýanatynda Ýewropada banklaryň öz töleg hyzmatlaryny ýola goýmak üçin durmuşa geçirýän başlangyçlaryna goldaw berilýändigi bellenildi.

Beýanatda Niderlandlaryň ABN Amro hem-de Rabobank maliýe edaralarynyň bu başlangyja gatnaşýandygy bellenilip, töleg hyzmatlarynyň ýylyň ahyryna çenli Fransiýada we Germaniýada synag maksady bilen ýola goýuljakdygy mälim edildi. 2024-nji ýyldan başlap bolsa beýleki ülkelerde hem bu töleg ulgamy işe giriziler.

EPI-niň paýdarlarynyň arasynda BFCM, BNP Paribas, BPCE, Credit Agricole, Deutsche Bank, DSGV, ING, KBC, La Banque Postale, Nexi, Societe Generale we Worldline ýaly maliýe edaralary bar.

Täze töleg ulgamynyň Ýewropada giňden ýaýran Visa we Mastercard töleg ulgamlaryna bäsdeş boljakdygy aýdylýar.

Nurýagdy AÝNAZAROW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Ertir Türkmenistanyň futbol çempionatynda 7-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2021: Energetigi uly hasap bilen ýeňen Köpetdag möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy
TÝL - 2021: şu gün 9-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2021: Köpetdag bäşinji, Merw dördünji deňligini gazandy
Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň finalçylary belli bolar
TÝL ― 2021: ertir 11-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler