Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyryndaky Köpetdag ― Merw duşuşygy ýer eýeleriniň möwsümdäki bäşinji, Merwiň bolsa dördünji deňligi bilen tamamlandy.
1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlanan duşuşykdaky gollaryň ikisi hem 11 metrlik jerime urgusyndan girizildi. Has takygy, 35-nji minutda Begenç Alamow myhmanlary öňe çykaran bolsa, 56-njy minutda Şiri Annaýew hasaby deňledi.
Bu duşuşykdan soňra Köpetdag 11-nji, Merw 7-nji utugyny gazandy.
“Köpetdag” “Merw” 1:1 Gollar: 56 (11 m.j.u.) Şiri Annaýew (“Köpetdag”) 35 (11 m.j.u.) Begenç Alamow (“Merw”) Duýduryşlar: 34 Şiri Annaýew, 75 Ýakup Maksadow (“Köpetdag”) 55 Döwletgeldi Mirsultanow (“Merw”) Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.) Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.) Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.) Duşuşygyň komissary: B.Nurmyradow (Aşgabat ş.).
