Özbegistan Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň çempiony boldy

Özbegistan Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň çempiony boldy

Özbegistanyň erkekler ýygyndy topary Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilen 44-nji Bütindünýä Küşt olimpiadasynda birinji orny eýelemegi başardy. Özbegistanly küştçüler şu gün tamamlanan ýaryşyň soňky tapgyrynda Niderlandlaryň ýygyndysyny 2,5-1,5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler hem-de 19 utuk bilen Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň çempiony boldular.

Bu üstünlik Özbegistanyň taryhyndaky Bütindünýä Küşt olimpiadasynda gazanylan ilkinji çempionlykdyr. Ýaryşda Özbegistana Nodirbek Abdusattarow, Nodirbek Ýokubboýew, Jawohir Sindarow, Jahongir Wahidow hem-de Şamsiddin Wahidow wekilçilik etdiler.

Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň ikinji ornuna ýeňiji bilen deň utuk toplan, emma goşmaça görkezijiler boýunça asgyn gelen Ermenistanyň ýygyndysy mynasyp boldy. Erkekleriň arasyndaky üçünji orun bolsa ýer eýesi Hindistanyň ikinji toparyna nesip etdi.

Maglumat üçin, iki ýylda bir gezek geçirilýän Bütindünýä Küşt olimpiadasy 2024-nji ýylda Wengriýada, 2026-njy ýylda bolsa Özbegistanda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Eýranyň Yslam Şura Mejlisi, Amerikanyň adam hukuklaryny berk tankytlamagy
Jalalzadeh: Amerikanyň adam hukuklary onlarça million adamy gurban etdi
Eýranda çöken binada ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi
Türkmeniň beýik şahyry Magtumguly Pyragynyň şanyna Tähran ýokary okuw jaýynda ýörite ýygnak geçirildi
Wahidi: Yragyň gury ýer serhedi wizasyz ýapyk