Jalalzadeh: Amerikanyň adam hukuklary onlarça million adamy gurban etdi

Jalalzadeh: Amerikanyň adam hukuklary onlarça million adamy gurban etdi

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komitetiniň başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adam hukuklary syýasaty bilen onlarça million adama zyýan ýetirendigini aýtdy.

EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä, "Wahid Jalalzadeh" duşenbe güni "Amerikanyň adam hukuklaryny okamak we aýan etmek hepdeligi we 7-nji Tir şehitleri hatyralamak" kampaniýasynyň üçünji mejlisinde ABŞ-nyň Terrorçylyga garşy söweşi kanunlaryna yşarat edip, ABŞ-nyň bu kanuny bilen dünýäde 85 milliona golaý adam zyýan çekdi we diňe Owganystanda millionlarça adamyň awara bolmaklaryna baryp çatdy diýdi.

Eýran mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komitetiniň başlygy, Amerika tarapyndan adam hukuklarynyň depelenmegine ünsi çekip, ABŞ-nyň ilatynyň dünýä ilatynyň bäş göterimini ybaratlaýandygyny, emma dünýädäki tussaglaryň 25 göteriminiň bu ýurdyň türmelerine degişlidigini aýtmak bilen Latynlara, aýallara, garaýagyzlara we başgalara garşy zorluk we sütem her gün ýüze çykýar, emma Amerikanyň Birleşen Ştatlary özüni adam hukuklarynyň goragçysy we esaslandyryjysy hökmünde görkezýär diýip beýan etdi.

Jalalzadeh, BMG-nyň ýörite hasabatçysy Alena Dohanyň "birtaraplaýyn mejbury çäreleriň adam hukuklaryndan peýdalanmagyna ýaramaz täsiri" baradaky hasabatynyň, eýranly näsaglara dermanlaryň wagtynda berilmezligini we olaryň ýitmegini tassyklaýandygyny aýtmak bilen ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalary adam hukuklarynyň bozulmagyndan biridir diýdi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit
Iň gowy restoranlarynyň sanawyny düzüldi
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit
Putin Söweş Habarçylary Bilen Söhbetdeş Boldy