Täjigistanda, Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikler geçirilýär

Täjigistanda, Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikler geçirilýär

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan Täjigistanda, Ýaponiýada we beýleki döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Bu barada Türkmenistan gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.

Makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Latyn Amerikasy döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda okgunly ösdürilýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, hususy pudaga goldaw bermekde, üstaşyr ulag geçelgeleri ýaly wajyp ugurlarda bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň söwda ulgamynyň iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Söwda öýleriniň ähmiýeti uly bolup, olaryň sany barha artdyrylýar.

Russiýanyň Moskwa we Kazan şäherlerindäki, Belarusdaky, Türkiýedäki söwda öýleri söwda dolanyşygyny pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär. Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda we Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Täjigistanda, Ýaponiýada we beýleki döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Täjigistanda, Ýaponiýada söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikleri geçirýär
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi
Wenesuela 7 Ýurtdan Diplomatlaryny Çekmegini Isledi
Saha Türkçesi - 2
Iň köp Olimpiýa medally 2 zenan türgeniň biri
100 müň elektroulag alar