Panama adasy suwuň astyna gidýär

Panama adasy suwuň astyna gidýär

Panamanyň Gardi Subdug adasy suwuň astyna gidýär. Muňa Dünýä ummanynyň derejesiniň ýokarlanmagy sebäp bolýar diýip, 24KZ habar berdi.

Ýaşaýjylaryň 1,5 müňden gowragy eýýäm öýlerini terk etdiler. Hünärmenleriň hasaplamalaryna laýyklykda, ýene 80 ýyldan adamlaryň ýaşaýan adasy tutuşlygyna gark bolup biler.

BMG-niň maglumatlaryna görä, asyryň ahyrynda ummanda suwuň derejesi ýene bir metr ýokarlanyp biler.

Latyn Amerikasy ýurtlarynda 40 milliondan gowrak adam peslikde ýerleşýän etraplarda ýaşamak bilen, suw joşgunlarynyň hem-de deňiz harasatlarynyň howpy bilen gitdigiçe köp ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýene degişli makalalar

Wenesuela 7 Ýurtdan Diplomatlaryny Çekmegini Isledi
Panama Kanal hemlesi sebäpli Trampy BMG-na şikaýat etdi
Panama Hytaýyň "Bir guşak, bir ýol" taslamasyndan çekilýär
“Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi
Ertir Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekiler
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi