Özbegistan kosmosa özüniň ilkinji hemrasyny we kosmonawtyny iberer

Özbegistan kosmosa özüniň ilkinji hemrasyny we kosmonawtyny iberer

Özbegistan taryhynda ilkinji gezek kosmosa emeli hemrany we ýurduň raýaty bolan ilkinji özbek kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň parlamentine we halkyna ýüzlenmesinde aýtdy.

-Şu gün men size ýene-de bir möhüm habary ýetirmek isleýärin. Garaşsyz Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek biz kosmosa emeli hemrany we ýurdumyzyň raýaty bolan ilkinji özbek kosmonawtyny ibermek boýunça işlere başladyk – diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Şawkat Mirziýoýew bu ädimiň ýurduň ylmy we tehnologik ösüşine uly itergi berjegine, şeýle hem milli ösüşi täze basgançaga çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Belläp geçsek, Özbegistan bilen Hytaý emeli aň moduly bilen enjamlaşdyrylan, aralykdan zondirleýji (gözegçilik ediji) “Samarkant-2028” hemrasyny bilelikde işläp taýýarlaýar. Şeýle-de, 2028-nji ýylda Özbegistan Halkara awstronawtika kongresini guraýan Merkezi Aziýadaky ilkinji ýurt bolar. Bu abraýly çäre Samarkant şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri we serhetüsti ugurlar bilen tanyşdyryldy
Aşgabat şäheriniň häkimi dogan şäherleriň birinji halkara forumyna gatnaşdy
Brifing geçirildi
Türkmenistan ýabany tebigatyň goraglylygyny güýçlendirmek üçin “CITES” konwensiýasyna goşuldy
Arkadag şäherine täze halkara sylaglar gowşuryldy