Özbegistan Türkmenistan bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Özbegistan Türkmenistan bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024 atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Halkara forumyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow bilen Özbegistanyň energetika ministri Jüräbek Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, duşuşykda energetika ugrundaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri, şol sanda bilelikdäki taslamalar we özara bähbitli başlangyçlary ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini, olaryň uglewodorod serişdelerindäki uly mümkinçiliklerini nygtadylar.

Ministrler hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlaryny, şol sanda tebigy gazyň üpjünçiligi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek we innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini we energetika ulgamlarynyň netijeliligini hem-de durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň täze ýollaryny gözlemäge taýýarlygyny bildirdiler.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistanyň energetika pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin möhüm ädim bolup, iki ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine we sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň energetika ministri özbek kärdeşi bilen duşuşdy
“Turkmen Textile Expo” sergisinde halkara dizaýnerleriň moda görkezilişleri geçiriler
Eýranyň prezidenti Özbegistany garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Raisi: Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Özbegistanda oba hojalyk işi bilen tanyşdy