Özbegistana gazagystanly jahankeşdeleriň 200 müňden gowragy bardy

Özbegistana gazagystanly jahankeşdeleriň 200 müňden gowragy bardy

Özbegistanyň jahankeşdelik pudagy dikelmegini dowam edýär, muňa 2023-nji ýylyň geçen iki aýynda ýurda gelen daşary ýurtly jahankeşdeleriň sanynyň 2,7 esse artmagy mysal bolup biler diýip, Kazinform ýazýar.

Ýurduň Statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistana daşary ýurtly jahankeşdeleriň 871 müňüsi bardy, bu geçen ýylyň görkezijilerinden 544,4 müň ýa-da 2,7 esse artykdyr.

Respublika jahankeşdeleriň iň köp gelýän ýurtlarynyň üçlügini Täjigistan (289,2 müň), Gazagystan (241,4 müň) we Gyrgyzystan (211,2 müň) düzdi.

Özbegistana Russiýa Federasiýasyndan gelen jahankeşdeleriň sany 81 müň adam boldy. Türkiýeden 13,4 müň, Günorta Koreýadan 4,4 müň we Hindistandan 2,4 müň jahankeşde geldi.

Ýene degişli makalalar

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
Nigeriýaly aglamak boýunça dünýä rekordyny goýmakçy bolýarka gözi gapyldy
Gazagystan Türkmenistanyň serhedine barýan awtoulag ýolunda abatlaýyş işlerini amala aşyrar
Gazagystana göni maýa goýumlary rekord derejä ýetdi
Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähi öwreniler
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
Her bäşinji belgiýaly harytlary daşary ýurtdan satyn alýar