Özbegistanda Parlament saýlawlary geçdi

Özbegistanda Parlament saýlawlary geçdi

Özbegistanda Parlamente saýlawlar geçdi. Ýurduň kanun çykaryjy (aşaky) palatasyna deputatlar ilkinji gezek garyşyk mažoritar-deňölçegli nusga boýunça saýlandy: aşaky palatadaky 150 orun üçin 75 deputat bir mandat, galan 75 sanysy syýasy partiýalar üçin berlen sesler esasynda ýeke-täk okrug boýunça saýlandy.

Saýlawlara ýurtda hereket edýän partiýalaryň ählisi— Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy, Özbegistanyň Halk-demokratik partiýasy, Milliý tiklaniş Demokratik partiýasy, Adolat sosial-demokratik partiýasy we Ekologiýa partiýasy gatnaşdylar.

Saýlaw uçastoklarynyň 11 müňüsi, şol sanda 39 daşary ýurtdaky wekilhanalarda 56 sany saýlaw uçastogy açyldy. Ses berlişige 50 ýurtdan synçylaryň 1 müňden gowragy gatnaşdy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Respublikada saýlawlaryň ýokary derejede guralandygyny aýtdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Gondurasda geçirilen Prezident saýlawlarynda Nasri Asfura ýeňiş gaznady
Trampyň goldaýan dalaşgäri ýeňiş gazandy
Sesleriň köplügine eýe boldy
Ýaponiýada 2024-nji ýylyň nyşany hökmünde altyn iýeroglifi saýlandy
Belarussiýada geçirilen Prezident saýlawynyň resmi netijeleri aýan edildi
Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary Parlamente saýlawlaryň deslapky netijesini yglan etdi