Özbegistanyň ilaty 37 milliona golaýlady

Özbegistanyň ilaty 37 milliona golaýlady

Özbegistanyň ilaty 36,799 million adama ýetdi diýip, ýurduň Statistika barada agentligi 1-nji ýanwarda habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Geçen 2023-nji ýylda Respublikanyň ýaşaýjylarynyň sany 775 müňe golaý artdy (2,2 göterim ösüş). Ady agzalan edaranyň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň başynda ilatyň umumy sanynda zenanlaryň paýy 18 274 745, erkekleriňki 18 525 011 adama deň boldy.

Özbegistanda zähmete ukyply ýaşdan kiçi raýatlaryň sany 31,7, zähmete ukyplylar 56,8 we bu ýaşdan ýokarylaryň sany 11,5 göterime deň diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa ýurtlarynda başdan geçirlen soňky wakalar
Jewdet Ýylmaz Ertir Özbegistana Gider
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Rahmon we Mirziýoýew Duşanbede resminamalar toplumyna gol çekdiler