Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

Özbegistanyň Daşkent şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygynyň çäginde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Özbegistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň daşary işler ministri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, hoşniýetli goňşuçylyk we çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösüşini aýratyn kanagatlanma bilen bellediler we şol bir wagtyň özünde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň senagat, energiýa, ulag-logistika hem-de oba hojalygy pudagynda dowam edýändigini nygtadylar.

Mundan başga-da, sebitleýin we halkara gün tertibiniň häzirki meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti “AADHGMerkezi Aziýa” Strategik dialogyň Ministrler duşuşygyna gatnaşdy
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI BILEN DUŞUŞYGY
Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar atly halkara maslahat geçirildi
R.Meredow Natalýa German bilen duşuşdy
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk