Özbegistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Timur Kapadze düýn Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bolan duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda derwezeçi Resul Çaryýewe ýokary baha berdi:
― Garşydaşyň derwezeçisi ýokary derejede çykyş etdi. Onsoň hem olaryň goragy juda gowy oýnady. Hüjümlerimiziň köpüsini yza serpikdirdiler.
Hakykatdan-da, oýnuň deňeçer gitmeginde derwzeçi Resul Çaryýewiň uly goşandy bar. Ol garşydaşyň howply urgularynyň birnäçesini üstünlikli gaýtardy. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň derwezesine urlan 11 metrlik jerime urgusynda-da futbolçynyň pökgini depjek tarapyny dogry kesgitläp bildi, ýöne pökgi onuň eliniň ujuna degip, derwezä girip gitdi.
