Özbegistanyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişer

Özbegistanyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişer

Şu gün 6-njy noýabrda Özbegistanyň täze saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişer. Kasam kabul ediş dabarasy özbek parlamentiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde geçiriler. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň kanun çykaryjy palatasynyň web sahypasynda habar berildi.

Habarda: Özbegistan Respublikasynyň kanun çykaryjy palatasy bilen Senatyň (Oliý mejlisiň) Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna bagyşlanan bilelikdäki mejlisi 6-njy noýabrda Daşkent şäherinde sagat 11.00-da geçiriler - diýlip beýan edilýär.

Özbegistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Özbegistanyň Prezidenti Respublikanyň mejlisiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde kasam kabul eden pursatyndan başlap, Merkezi saýlaw toparynyň Prezident saýlawlarynyň netijelerini resmi taýdan yglan eden gününden iki aýdan gijä galman wezipesine girişýär.

Özbegistanda Prezident saýlawlary 24-nji oktýabrda geçirildi. Merkezi saýlaw topary býulletenleri sanandan soň, 80,12% ses alan Mirziýoýewiň ýeňşini mälim etdi.

Saýlawlara bäş dalaşgär gatnaşdy. Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy tarapyndan hödürlenen Mirziýoýewden başga-da, Halk-demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary Maksud Warisowa 6,63%, Milli Tiklaniş (Milli Galkynyş) Milli-demokratik partiýasynyň lideri Alişer Kadyrow 5,48%, Ekologiýa partiýasynyň başlygy Narzullo Oblomuradow 4,14%, Adolat Sosial-demokratik partiýasynyň başlygy Bahrom Abduhalimow 3,39% sese eýe boldylar.

Özbegistanda Prezident saýlawlary her bäş ýylda bir gezek geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada parlamentiň ýokarky palatasyna saýlawlar geçirildi
Ilkinji saýlawda ýeňiş gazandy
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
Özbegistanda geçirlen prezident saýlawy
Putiniň dalaşgärligi tassyklandy