Dalaşgär hökmünde bellige alyndy

Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary häzirki döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewi möhletinden öň geçirilýän Prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde bellige aldy. Bu barada ýurduň merkezi saýlaw toparynyň beýanatynda mälim edilýär.

5-nji iýunda geçirilen maslahatda Merkezi saýlaw topary ýurduň syýasy partiýalary tarapyndan hödürlenen ýene üç dalaşgäri hasaba aldy. Şawkat Mirziýoýewiň Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärligi 30-njy maýda Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasy tarapyndan hödürlendi.

Ulugbek Inoýatow Halk-demokratik partiýasyndan, Robahon Mahmudowa “Adolat” Sosial-demokratik partiýasyndan, Abduşukur Hamzaýew – Ekologiýa partiýasyndan dalaşgär boldy. Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, saýlaw kampaniýalary 7-nji iýunda başlar.

Golaýda Özbegistanyň häzirki lideri Şawkat Mirziýoýew ýurtda möhletinden öň Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky kanuna gol çekdi. döwlet Baştutanynyň karary bilen bu syýasy çäre 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda meýilleşdirilýär. Bu, Özbegistanda Konstitusiýa girizilen üýtgetmelerden soň ilkinji Prezident saýlawlary bolar.

30-njy aprelde Özbegistanda prezidentlik möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýan, şeýle hem Şawkat Mirziýoýewe yzygiderli iki möhletden soň bu wezipä gaýtadan saýlanmagyna mümkinçilik berýän Konstitusiýanyň rejelenen görnüşi boýunça tutuş ýurtda sala salşyk geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Özbegistanda Möhletinden Irki Ses Berliş Tapgyry Tamamlandy
Özbegistanda Ertir Prezident Saýlawy Geçirler
Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy
Özbegistanda Prezident Saýlawy Geçirlýär
Şu gün Özbegistanyň Prezidenti kasam kabul eder