Özbegistanda Möhletinden Irki Ses Berliş Tapgyry Tamamlandy

Özbegistanda Möhletinden Irki Ses Berliş Tapgyry Tamamlandy

Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary ýekşenbe güni geçiriljek saýlaw üçin 28-nji iýunda başlan “irki ses berliş” tapgyrynyň möhletiniň düýn agşam gutarandygyny beýan etdi.

Beýannama görä irki ses berliş tapgyrynda 100 müň sanysy daşary ýurtlarda, 400 müňden gowrak saýlawçy ses berdi.

Ýurduň saýlaw kanununa görä saýlaw gününde bellikde durýan ýerlerinde bolmajak saýlawçylar, saýlaw uçastoklaryna beren delillendirilen arzalarynda “irki ses berliş” mümkinçiliginden peýdalanyp bilýär.

30-njy aprelde geçirilen ählihalk sese goýulşygynda konsutitutsiýanyň mazmunynyň üýtgedilmeginden soň ýurtda prezident saýlawynyň möhletinden ir geçirilmegi hakynda karar kabul edilipdi.

Saýlawda Özbegistanyň Liberal demokrat partiýasyndan gaýtadan dalaşgärlige hödürlenen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýany bilen Halk demokrat partiýasynyň dalaşgäri Ulugbek İnoýatow, Özbegistanyň Ekologiýa partiýasyndan Abduşükür Hamzaýew we Adalat-sosial demokrat partiýasyndan Roba Mahmudowa bäsleşýär.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy
Özbegistanda Ertir Prezident Saýlawy Geçirler
Özbegistanda Prezident Saýlawy Geçirlýär
Şu gün Özbegistanyň Prezidenti kasam kabul eder