Özbegistanda Prezident Saýlawy Geçirlýär

Özbegistanda Prezident Saýlawy Geçirlýär

Özbegistanda saýlawçylar ýurdy 7 ýyl dolandyrjak täze prezidentini kesgitlemek üçin ses berýärler.

Möhletinden irki saýlaw 30-njy aprelde geçirilen referendumda konstitutsiýa üýtgeşmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginden soň kabul edilen karar bilen geçirilýär.

Ýurt derejesinde ýerli wagt bilen sagat 08:00-da başlan we sagat 20:00-a çenli dowam etjek ses berilşige hasaba alynan takmynan 20 million saýlawçy seslerini berip bilerler. Daşary ýurtlardaky özbek raýatlar hem Türkiye bilen birlikde dünýäniň 39 ýurdunda açylan 55 saýlaw merkezinde seslerini berip bilerler.

Özbegistanyň kanunlaryna görä özbek dilini gowy bilýän, soňky 10 ýylda ýurtda dowamly ýagdaýda ýaşan we diňe syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgär hödürlenen Özbegistanyň raýatlary Prezidentlige dalaşgär bolup bilýärler.

Saýlawda Özbegistan Liberal demokrat partiýasy tarapyndan gaýtadan dalaşgärlige hödürlenen häzirki Prezident Şewket Mirziýoýew bilen birlikde Halk demokrat partiýasyndan Ulugbek Inoýatow, Özbegistan Ekologiýa partiýasyndan Abduşukur Hamzaýew we Adalat sosial demokrat partiýasyndan hem Roba Mahmudowa bäsleşer.

Islendik dalaşgäriň saýlawlarda üstünlik gazanmagy üçin saýlawyň ilkinji tapgyrynda sesleriň ýarsyndan gowragyny almagy zerur. Dalaşgärler sesleriň ýarsyndan gowragyny almak halatlarynda iň köp ses alan ilkinji 2 dalaşgär saýlawyň 2-nji tapgyrynda özara bäsleşerler.

Saýlawda Prezident Mirziýoýewiň üstünlik gazanmagyna garaşylýar.

Mirziýoýew, ilki Yslam Kerimowyň aradan çykmagyndan soň 2016-njy ýylyň dekabr aýynda geçirlen prezident saýlawynda sesleriň 88,61, 2021-nji ýylda geçirlen saýlawda bolsa sesleriň 80,1 göterimini alyp iki gezek prezidentlige saýlanypdy.

Ýene degişli makalalar

Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Özbegistanda Möhletinden Irki Ses Berliş Tapgyry Tamamlandy
Özbegistanda Ertir Prezident Saýlawy Geçirler
Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
Özbegistanda Prezident saýlawlary geçirildi