Özil öňe saýlandy

Angliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi duşuşygynda “Çelsi” bilen “Mançester Ýunaýted” deňme-deň oýnady.Soňky minutlary diýseň dartgynly ýagdaýda geçen oýunda ýer eýeleri 90+6-njy minutda Barkliniň goly bilen ýeňlişden halas boldy. “Ýunaýtediň” gollarynyň ikisini-de Antoni Marsial derwezä girizdi. “Liwerpul” Salahyň ýeke-täk goly bilen “Haddersfilden” üstün çykyp, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirdi.

Sanawyň lideri “Mançester Siti” topary “Bernlini” 50 hasabynda ýeňdi. “Arsenal” Londonda “Lester Sitini” 31 hasabynda utdy.Oýunda 1 gezek tapawutlanan Mesut Özil “Premier ligadaky” gollarynyň sanyny 30-a ýetirip, çempionatyň iň netijeli germaniýaly futbolçysy diýen ugurda Ýurgen Klinsmann we Uwi Röslerden öňe saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitine gatnaşar, Türkmenistanda öý internetiniň tizligi 6 Mbit/s çenli ýokarlandyryldy, Gruziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy we beýleki habarlar
16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
10.08.2017 | Türkmenistanyň Merkezi banky Aziada-2017-niň hormatyna ýadygärlik şaýylaryny çykardy