OGT-2023 halkara nebit-gaz sergisine dünýäniň 30 döwletinden kompaniýalar gatnaşýar

OGT-2023 halkara nebit-gaz sergisine dünýäniň 30 döwletinden kompaniýalar gatnaşýar

Şu gün irden Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 halkara sergisinde 30 ýurtdan 50 töweregi kompaniýa öz hyzmatlary we harytlary bilen tanyşdyrýar. Bu barada Nebit-gaz elektron gazeti habar berýär.

Sergi Türkmenistandaky we dünýädäki nebit-gaz pudagynyň gazananlaryny görkezýär. Şeýle-de forumda pudagyň ösüşiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze pikirler öňe sürülýär.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň üstünlikleri bilen Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleriniň, şeýle hem Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň stendleri arkaly giňden tanyşmak bolýar.

Serginiň maksady sebitde energetika pudagynyň durnukly ösüşiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, global energetika pudagynyň soňky gazananlary bilen tanyşmakdan hem-de Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin platforma döretmekden ybaratdyr.

Halkara sergi üç gün dowam edip, oňa 10 müňden gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar.

25-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 atly XXVIII halkara maslahat öz işine başlar. Oňa Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we nebit-gaz kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de ABŞ, Russiýa Federasiýasy, Hytaý, BAE, Beýik Britaniýa, Italiýa, Germaniýa, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Azerbaýjan ýaly ýurtlarda bilermenler gatnaşarlar.

Forumyň çäginde Türkmenistanyň we sebitiň energetika pudagynyň ösüşiniň şu aşakdaky meselelerine serediler:

Ýeri gelende bellesek, bu halkara maslahat we sergi tejribe hem-de bilim alyşmak, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmekde täze mümkinçilikleri tapmak üçin amatly platforma bolar.

Ýene degişli makalalar

OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Baker Hughes OGT-2023-iň kümüş hemaýatkäri boldy
Türkmenistanyň energiýa pudagy Abu-Dabi şäherindäki ADIPEC-2023 sergisine gatnaşýar
Aşgabatda nebit-gaz pudagy boýunça halkara sergi (OGT-2024) açyldy
OGT-2024-e 51 ýurtdan 830-dan gowrak wekil gatnaşýar
“Baker Hughes” amerikan kompaniýasy OGT-2023 forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy