Ogurlanan gadymy rim heýkeli Fransiýa gaýtarylyp berildi

Ogurlanan gadymy rim heýkeli Fransiýa gaýtarylyp berildi

Ýiten sungat predmetlerini gözlemek bilen meşgullanýan gollandiýaly detektiw Artur Brand ýarym asyr mundan öň ogurlanan gymmatly gadymy rim bürünç heýkelini Fransiýa gaýtaryp berdi. Brand müşderileriniň biriniň kanuny taýdan satyn alan kiçijik Bahus heýkeliniň gelip çykyşyny anyklamagy haýyş edende, onuň yzyny tapandygyny aýtdy. Bu barada Euronews-e salgylanyp, Day.Az habar berýär.

40 santimetrlik Bahus 1973-nji ýylyň ahyrynda Şatiýon kommunasynyň muzeýinden ogurlandy, jenaýatçylar ony penjireden çykaryp alyp gitdiler.Indi bolsa heýkel ekspozisiýadaky ýerine gaýdyp geler.Bu babatda muzeýiň müdiri Katrin Molle öz begenjini gizlemeýär: “Bu örän möhüm sungat predmeti, bular ýaly heýkelleriň sany gaty az, üstesine-de bu örän ýokary derejede ýerine ýetirilen”.

Bürünç Bahusyň gaýtarylmagy üçin çykdajylary iki britan hususy kolleksioneri we Şatiýonyň şäher administrasiýasy öz aralarynda paýlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Ukraina gyş wagtyna geçdi
Çehiýada ýangyny söndürmegiň täze usuly görkezildi
Sber banky Ferrari-den öňe geçip, Ýewropanyň iň güýçli brendi boldy
“Moskwiç” gaýtadan öndüriler
Brand Finance 2022-nji ýylda dünýäniň iň güýçli nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi