Iň güýçli nebitgaz brendleri

“Brand Finance” konsalting kompaniýasy 2022-nji ýylda dünýäniň iň kuwwatly nebit-gaz brendleriniň sanawyny düzdi. Sanawda Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy 87,7 bal bilen birinji ýeri eýeledi. “LUKOIL” 87,4 bal bilen ikinji boldy. Braziliýanyň “Petrobras”, Taýwanyň PTT, Russiýanyň “Gazprom” kompaniýalary ilkinji bäşlige girdi

Brendiň güýji kompaniýa tarapyndan marketing maýa goýumlary, operasion netijeler, şeýle-de gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklar (işgärlerden, üpjün edijilerden we paýdarlardan başlap, döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik guramalaryna çenli) ýaly birnäçe görkeziji boýunça hasaplanýar.

“Brand Finance”-iň nusgasyna görä, gymmaty boýunça “Shell” britan-niderland kompaniýasy liderligini saklady. Bilermenler “Shell”-iň brend bahasynyň 49,9 milliard dollardygyny, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 18 göterim köpdügini tassykladylar. Ikinji orny “Saudi Aramco” eýeläp, onuň brendiniň gymmaty 16 göterim ýokarlanyp, 43,6 milliard dollara ýetdi.

Ilkinji bäşlikden beýleki kompaniýalarynyň arasynda üýtgeşme bolmady; üçünji orunda “PetroChina” ($29,7 milliard), dördünji orunda “Sinopec” ($25,2 milliard), bäşinji orunda “BP Plc” ($19 mlrd) ýerleşdi.

“Petronas” $13,6 milliard görkeziji bilen sekizinji, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy (ADNOC) dokuzynjy orna ($12,8 milliard) çykdy. “Exxon Mobil” amerikan kompaniýasy onunjy orna düşdi onuň brendiniň bahasy $11,2 milliard.

Ýene degişli makalalar

Brand Finance 2022-nji ýylda dünýäniň iň güýçli nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi
Shell dünýäde iň gymmat nebitgaz brendi boldy
L'Oreal dünýäniň iň gymmat kosmetiki brendleriniň sanawyny çekýär
Apple dünýäde iň gymmat brend diýlip yglan edildi
Barselona Messiniň gitmegi bilen 137 mln ýewro ýitirer
Lego dokuzynjy ýyl dünýäde iň gymmatbaha oýnawaç brendi boldy