Turkish Airlines Türkiýäniň iň gymmat brendi diýlip yglan edildi

Turkish Airlines Türkiýäniň iň gymmat brendi diýlip yglan edildi

2022-nji ýyldaky iň gymmat türk brendi diýlip, Turkish Airlines (THY) awiakompaniýasy yglan edildi, ol 1,6 milliard ABŞ dollary bahalanýar. Awiakompaniýa Brand Finance halkara seljeriş wekilhanasynyň düzen Türkiýäniň iň gymmatbaha brendleriniň 100-liginde ilkinji orny eýeledi.

Ýeri gelende aýtsak, Türkiýäniň howa gullugynyň öňdebaryjysy bu orny eýýäm bäş ýyl bäri eýeläp gelýär.

1996-njy ýylda esaslanydyrylan Brand Finance brendleri bahalandyrmak boýunça dünýäde öňdebaryjy konsalting kompaniýadyr. Ol her ýyl bazar barlaglaryna esaslanyp, 5 müňden gowrak kompaniýa baha berýär.

Kompaniýanyň düýp edarasy Londonda ýerleşmek bilen, dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda wekilhanalary bar. Bu barada Trend ýurduň Anadolu habarlar gullugyna esaslanyp ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Shell dünýäde iň gymmat nebitgaz brendi boldy
Barselona Messiniň gitmegi bilen 137 mln ýewro ýitirer
Messiniň gitmegi “Barselona” gymmada düşer
Sber banky Ferrari-den öňe geçip, Ýewropanyň iň güýçli brendi boldy
Brand Finance 2022-nji ýylda dünýäniň iň güýçli nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi
Iň güýçli nebitgaz brendleri