Lego dokuzynjy ýyl dünýäde iň gymmatbaha oýnawaç brendi boldy

Lego dokuzynjy ýyl dünýäde iň gymmatbaha oýnawaç brendi boldy

Lego oýnawaçlaryny öndüriji kompaniýa dünýäde geçen ýylyň jemleri boýunça dokuzynjy ýyl iň gymmatbaha brend diýlip yglan edildi, muňa Brand Finance konsalting kompaniýasynyň reýtingi güwä geçýär diýip, Interfax.ru ýazýar.

Bu söwda nyşanynyň bahasy bir ýylda 24 göterim artyp, 7,44 milliard dollara deň boldy.

Geçen ýyl 1993-nji ýylda döredilen Magic: The Gathering kompaniýasy nyrh babatda 2,3 esse ösüş depginini görkezdi, bu iň ýokary ösüşdir diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Sber banky Ferrari-den öňe geçip, Ýewropanyň iň güýçli brendi boldy
Brand Finance 2022-nji ýylda dünýäniň iň güýçli nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi
Iň güýçli nebitgaz brendleri
Turkish Airlines Türkiýäniň iň gymmat brendi diýlip yglan edildi
Amazon dünýäniň iň gymmat haryt nyşany boldy
“Starbucks” ýene-de dünýäde iň gymmat restoran brendi boldy