Okgunly ösüşe itergi berýän gatnaşyklar

Okgunly ösüşe itergi berýän gatnaşyklar

Düýn 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen duşuşygy boldy.

Mejlisiň Başlygy myhmanlary mähirli garşylap, hytaýly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny we köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda Merkezi Aziýa Hytaý görnüşinde üstünlikli ösdürilýän, iri halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde döwletara dialogyň ýokary derejesine oňyn baha berip, söhbetdeşler iki ýurduň hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi maksat edinýändigini tassykladylar.

Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda Türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli dialogy pugtalandyrmak boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen halkara awtomobil gatnawlary hakyndaky Ylalaşygy tassyklady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bir guşak - bir ýol maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý bardy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda gepleşikler geçirildi