19-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

19-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2024-nji ýylda ýurdy ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, maliýe we ykdysadyýet pudagyny ösdürmek, iri infrastruktura taslamalaryny dowam etdirmek we daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça meýilnamalar hödürlendi. Şeýle hem oba hojalygy, ylym we bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurtda kiberhowpsuzlygy berkitmek we sanly tehnologiýalary ösdürmek, şol sanda Elektron hökümet ulgamyny döretmek we degişli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns çekildi.

Umuman, mejlisde Türkmenistany ähli möhüm ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň giň gerimli meýilnamalary hödürlendi.

Mаliýe we ykdysadyýet

Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Ýurdy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarladylar. Onda pudaklary we sebitleri ösdürmek, şeýle hem welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Resminamada importyň ornuny tutýan we eksportyň ugurly önümçilikleri döretmek, oba hojalyk önümlerini öndürijilere goldaw bermek hem-de işewürlik gurşawyny gowulandyrmak bellenilýär.

Gurluşyk

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanan Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynda işlenip taýýarlanyldy.TOPH gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň, şeýle hem Arkadag akylly şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklaryny dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow maýa goýum Maksatnamasy baradaky hasabaty diňläp, wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowa resminamanyň taslamasyna ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.

Söwda

Türkmenistanyň söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalarynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň öňünde elektron söwdalary geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly Söwda-senagat edarasynda sergileri we maslahatlary guramak, şeýle daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak

Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak işlerini alyp barýar.

Oba hojalygy

Türkmenistanyň welaýatlarynyň gowaça ekiljek meýdanlarynda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri geçirilýär. Şeýle hem bol hasyly ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, suw howdanlarynda suw toplamak ugrunda degişli çäreler görülýär.

Ylym we bilim

Türkmenistanda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary atly halkara ylmy maslahat, şeýle hem 3-nji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler.

Tehnologiýalar

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kiberhowpsuzlygyny berkitmäge, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de önümçiligi ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda Karara gol çekdi.

Türkmenistanda X-Road arhitekturasynyň binýadynda Elektron hökümet ulgamy dörediler. Häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde zerur enjamlar bilen üpjün edijini saýlamak işleri geçirilýär.

Medeniýet

Noýabr aýynda Türkmenistanda Gorkut ata atly halkara kinofestiwaly guramak meýilleşdirilýär, şeýle hem ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Pyragydan ruhlanan ussat atly forumy guramak göz öňünde tutulýar.

Halkara hyzmatdaşlygy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda ÝHHG bilen bilelikde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda bu guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar.

Aprel aýynda ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň wise-prezidentiniň we bu Assambleýanyň Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça komitetiniň başlygynyň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny parlamentarileriň üsti bilen goldamak babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şu ýylyň maý aýynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan we ýapon kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakçy
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
Günorta Koreýa Türkmenistanda $2,5 milliardlyk dökün zawodlaryny gurar
Serdar Berdimuhamedow arap ýurtlary bilen lukmançylyk, sport, medeni-ynsanperwer, ekologiýa, Russiýanyň sirkleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryndaky çykyşlary 24-nji sentýabra çenli dowam eder we beýleki habarlar